gygyrmak

gygyrmak
işlik
[gy:gyrmak]
1) Zowwam ses çykarmak, gaty ses emele getirmek, berk seslenmek.
∙ Gygyryp, döşüni tutup, ökjäni göterdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
2) Biriniň adyny tutup çagyrmak.
∙ Sähet! -- diýip, Aman poşşy gygyrýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
3) Käýinmek, azgyrylmak.
∙ Geleňsizler, bihepbeler! -- diýip, gygyranyny-da duýman galdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
∙ Gulluhan Çernyşowyň sözüniň arasyna düşüp, ýene gygyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Bigünä adamyň üstüne gygyrmak.
bogaz ýyrtyp gygyrmakÖrän gaty gygyrmak, bogazyňa sygdygyndan gygyrmak.
∙ Bogazyny ýyrtyp, azaş gygyrmasy näme üçinkä? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»